Turkmenportal logo
24.12.21
3731137311
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Berdimuhamedow Täze ýyl baýramy mynasybetli käbir harytlary 50 göterim arzanlatmagy tabşyrdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň barşynda wise-premýer Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň 17-nji dekabrda geçirilen Hökümet mejlisinde beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.


Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, wise-premýer Ç.Gylyjowa ýüzlenip, 25-nji dekabrdan başlap, geljek ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli bazarlarda we dükanlarda senagat hem-de azyk harytlarynyň baýramçylyk satuwyny guramaga ygtyýar berýändigini aýtdy. Adamlar dogan-garyndaşlary we ýakynlary üçin sowgatlary alar ýaly hem-de Täze ýyl baýramyny gowy geçirer ýaly, käbir harytlaryň bahasyny 50 göterime çenli arzanladyp biljekdigini duýdurdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany wise-premýer Ç.Gylyjowa berlen tabşyryklary ýerine ýetirmäge şu günden – 24-nji dekabrdan başlap girişmegi tabşyrdy. “Watan” habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, hormatly Prezident wise-premýer M.Mämmedowa ýüzlenip, metbugatda we tele-radio ýaýlymlarynda bu çäräni hem-de arzanladylan bahadan satylýan harytlary gowy edip mahabatlandyrmagy tabşyrdy.