Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi web sahypasy, Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň kwotasynyň çäginde bakalawr we hünärmen programmalaryna dalaşgärleri saýlamak synaglary barada täzelenen maglumatlary çap etdi.
Maglumatlara görä, bakalawr we hünärmen programmalaryna dalaşgärler üçin saýlama çäreleri www.education-in-russia.com portalynda uzak aralyk tehnologiýalaryny (proktor ulgamlary) ulanmak arkaly geçiriler. Okuw üçin ýüz tutan dalaşgärler portalda şahsy hasabynyň üsti bilen habarnamany alarlar.
Russiýanyň ilçihanasy maglumat ulgamyndaky habarnamalara ünsi jemlemegi we saýlama çäreleri üçin görkezmeleri we düzgünleri üns bilen okamagyňyzy maslahat berýär.
Soraglar ýüze çyksa, +99365898541 jaň edip bilersiňiz (9:00-dan 12:00-a, 16:00-dan 18:00-a çenli) ýa-da otdel.turkmenistan@gmail.com e-poçta iberip bilersiňiz.
Daşalgärleriň synaglary diňe şahsy kompýuterde geçirilmelidir, synaglar ykjam enjamlarda bolmaz.
Saýlaw synaglarynyň meýilnamasy
(Moskwanyň wagty görkezildi)
Senesi
Synag wagty
Synag
08.12.2021
Çarşenbe
9:00
Rus dili
09.12.2021
Penşenbe
12:00
Fizika
11.12.2021
Şenbe
15:00
Biologiýa
14.12.2021
Sişenbe
17:00
Himiýa
15.12.2021
Çarşenbe
9:00
Matematika
17.12.2021
Anna
12:00
Taryh
Gaýtadan günler
22.12.2021
Çarşenbe
12:00
Rus dili
15:00
Fizika
23.12.2021
penşenbe
09:00
Himiýa
12:00
Biologiýa
15:00
Matematika
17;00
Taryh

