Turkmenportal logo
01.12.21
1168311683
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Daşary ýurt bazarlarynda «Тürkmen pamyk» hojalyk jemgyýetiniň gasynlanan kagyz önümlerine uly isleg bildirilýär

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän «Тürkmen pamyk» hojalyk jemgyýeti gasynlanan – gofrirlenen (гофрированный – gofrirlenen; gasynlanan; gasyn-gasyn; epin-epin) kagyz önümlerini Özbegistan hem-de Türkiýe Respublikasy ýaly döwletlere eksport edýär. Bu barada TSTB-niň resmi web sahypasy «Rysgal» gazetiniň 2021-nji ýylyň 29-njy noýabryndaky sanyna salgylanyp habar berdi.


«Тürkmen pamyk» hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasynda Hytaý Halk Respublikasynyň kuwwatly tehnikalary ornaşdyrylandyr. Bu kärhanada aýda 176 tonna gasynlanan – gofrirlenen kagyz öndürilýär. Bu önümler çaphanada kitap daşlaryny, dokma senagatynda kagyz tegekleri öndürmekde giňden ulanylýar.


Kärhanada gasynlanan – gofrirlenen kagyz önümçiligi üçin ýerli çig mal ulanylýar: aýda kagyz galyndylarynyň 230 tonnasy, gowaça çöpüniň, samanyň, gamşyň 60 tonnasy gaýtadan işlenilýär.


Bulardan başga-da, «Тürkmen pamyk» hojalyk jemgyýetiniň işçi-hünärmenleri ýurdumyzyň Ahal welaýatynyň we paýtagtymyzyň çäklerinde ulanyşdan galan kagyz galyndylaryny, karton gutulary toplaýarlar. Soňra toplanan kagyz galyndylary önümleri kärhanada arassalanyp, gaýtadan işlenilýär.


«Тürkmen pamyk» hojalyk jemgyýeti 2011-nji ýyldan bäri gasynlanan – gofrirlenen kagyz önümçiligini alyp barýar. Kärhana geljekde kagyzyň dürli görnüşlerini öndürmegi, önümçiligiň kuwwatyny artdyrmagy maksat edinýär.