Turkmenportal logo
22.11.21
49864986
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Täze “Dur bakaly!” multfilminiň tanyşdyryşy çykdy

“Союзмультфильм” kinostudiýasy “Dur, bakaly!” multfilminiň täzeden surata düşürilen görnüşiniň ilkinji tanyşdyryşyny köpçülige ýetirdi. Kompýuter grafikasynyň kömegi bilen döredilen tapgyrlaýyn multfilmiň täze sanynda towşany kowalap gezýän möjegiň keşbi görkezilýär, towşanjyk bolsa öz gezeginde täze personažlar bilen bilelikde möjek üçin ownuk hileleri oýlap tapýar.


Multfilmi döredijileriň belleýşi ýaly: “Möjegimiz erbet däl, ýöne ol bu dünýäde öz ornuny tapmady, erbet endiklerden hem ol oýunçy boldy”. Daily.afisha.ru-nyň habar bermegine görä, “Dur bakaly, dynç alyşlar!” atly täze multfilm eýýäm “Youtube” sahypasynda 760 laýk, şeýle-de 3800-den gowrak dizlaýk bahalandyrmasyna eýe boldy.