Turkmenportal logo
19.11.21
53875387
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynda “Altyn Asyr” topary “Nebitçini” ýeňmegi başardy

Şu gün Balkanabatdaky “Sport toplumy” stadionynda ýerli “Nebitçi” topary Türkmenistanyň çempionatynyň 2021-nji ýyl möwsüminiň 7-nji tapgyrynyň çäginde “Altyn Asyry” kabul etdi. Gyzgalaňly geçen duşuşykda myhmanlar 2:1 hasabynda ýeňiş gazandylar.


Myhmanlar duşuşygyň 20-nji minutynda “Nebitçiniň” ýarymgoragçysy Alybek Abdyrahmanowyň geçiren topuna Begmyrat Baýowyň (23-nji minutda), şeýle hem Merdan Muhadowyň (32-nji minutda) derwezä gönükdiren gollary bilen jogap berdiler.


“Nebitçi” indiki tapgyrda 26-njy noýabrda “Ahal” toparyny kabul eder. “Altyn Asyr” topary bolsa şol gün “Energetik” bilen duşuşar.