Turkmenportal logo
15.11.21
1825018250
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Owadan ülke» sarp edijiler üçin täze konserwlenen önüm taýýarlady

«NUR» we «Mylaýym» söwda nyşanly konserwlenen gök önümleri, miweleri, maýonezi öndürmekde ýöriteleşen «Owadan ülke» hususy kärhanasynyň täze önümi – böwürslen mürepbesi ýakyn wagtda ýurdumyzyň azyk dükanlarynyň tekjelerinde peýda bolar. Bu barada «Altyn asyr: Türkmenistan» elektron gazeti habar berýär.


«Owadan ülke» hususy kärhanasy Alma, beýi we böwürslen mürepbesiniň 185 müňden gowrak bankasyny satuwa çykarmaklygy meýilleşdirýär.


Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän «Owadan ülkе» hususy kärhanasy her günde 8 tonnadan gowrak konserwlenen önüm öndürýär.