Turkmenportal logo
05.11.21
1041710417
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Berdimuhamedow Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygyna soňky berk käýinji yglan etdi

Hökümetiň 5-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Resminamasyna laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky edara-kärhanalaryň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Amanow Batyr Amangeldiýewiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.