Turkmenportal logo
21.10.21
69586958
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň futbol ýygyndysy FIFA-nyň täzelenen reýtinginde 131-nji orny eýeledi

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy FIFA-nyň oktýabr aýy üçin täzelän reýting-sanawynda 131-nji orny eýeledi.


Biziň ildeşlerimiz sentýabr aýynda häzirki ornundan bir basgançak ýokardady.


Täzelenen sanawda türkmen ýygyndysyna 1118 utuk berlipdir. Olar tertipde Tanzaniýa bilen Komoranyň arasynda ýerleşýär.


Sanawyň ilkinji üçlügini Belgiýanyň, Braziliýanyň we Fransiýanyň ýygyndylary emele getirýär.