Turkmenportal logo
20.10.21
55205520
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÝL - 2021: çempion möwsüme ýeňiş bilen başlady
TÝL - 2021: çempion möwsüme ýeňiş bilen başlady

Şu gün paýtagtymyzyň “Aşgabat” stadionynda bäşinji tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygy bilen ýurdumyzyň futbol çempionatynyň nobatdakysyna badalga berildi.


Bu duşuşykda paýtagtymyzyň “Aşgabat” hem-de “Altyn Asyr” toparlary duşuşdylar. Ikitaraplaýyn hüjümlerde geçen bu duşuşyk geçen ýylyň çempiony “Altyn Asyryň” 3:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. “Altyn Asyra” ýeňiş getiren toplary Güýçmyrat Annagulyýew, Mekan Saparow hem-de Altymyrat Annagulyýew öz atlaryna ýazdyrdylar.


Geçirilen duşuşygyň netijesi:


“Aşgabat” – “Altyn Asyr” – 1:3


Gollar: 80 Şatlyk Gurbanow (“Aşgabat”) – 10 Güýçmyrat Annagulyýew, 35 Mekan Saparow, 66 Altymyrat Annadurdyýew (“Altyn Asyr”)


Duýduryşlar: 27 Gurbangeldi Sähedow, 44 Myrat Amantaganow, 89 Hakmuhammet Bäşimow (“Aşgabat”) – 21 Rejebow Berdimyrat (“Altyn Asyr”)


Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.)


Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)


Kömekçi eminler: M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.), E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)


Ätiýaçdaky emin: M.Allaberdiýew (Aşgabat ş.)


Gözegçi emin: H.Rejepow (Aşgabat ş.)