Turkmenportal logo
12.10.21
71047104
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Berdimuhamedow Estoniýanyň täze Prezidentini wezipesine girişmegi bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň, Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan jenap Alar Karise Estoniýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.


Döwlet Baştutany şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, jenap Alar Karise berk jan saglyk we gujur-gaýrat, dostlukly eston halkynyň öňe gitmegine hem-de gülläp ösmegine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda we işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.