Turkmenportal logo
03.10.2021
69926992
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Wenesuela soňky 13 ýylda üçünji gezek milli puluň öwrülşigini geçirýär

Wenesuela milli pulunyň nobatdaky öwrülşigini geçirýär. Özgertmeleriň barşynda köne 1 million boliwar täzelenen pulda 1 boliwara deň bolar.


Iň uly banknot 100 boliwarlyk kagyz bolar. Häkimiýetleriň pikiriçe, beýle ädim köp sanly nol bilen çylşyrymly hasapçylyk we beýleki pul amallaryny ýönekeýleşdirer. Bu Wenesuelada soňky on üç ýylda geçirilen üçünji reforma. Şeýle-de bolsa, hünärmenler bu inisiatiwanyň inflýasiýa we hümmetsizlenme meselesini çözjekdigine şübhelenýärler.


Wenesuela birnäçe ýyl bäri koronawirus pandemiýasy sebäpli agyr sosial-ykdysady krizisi başdan geçirýär.