Turkmenportal logo
01.10.21
99899989
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda «Awiasiýa işini ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnamanyň» taslamasy işlenip taýýarlanyldy
Türkmenistanda «Awiasiýa işini ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnamanyň» taslamasy işlenip taýýarlanyldy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna «Awiasiýa işini ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnamanyň» taslamasyny taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.


Habar berlişi ýaly, “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny ýerine ýetirmek, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 29-njy maýynda çykaran Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Adalat ministrligi bilen bilelikde degişli Düzgünnamanyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.


Türkmenistanyň Prezidenti agentligiň ýolbaşçysyna ygtyýarlylandyrmak işini kämilleşdirmek meselelerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyryp, oňa birnäçe anyk görkezmeleri, şol sanda ýük uçarlarynyň daşary ýurtlara gatnawlaryny guramak babatda degişli görkezme berdi.