Turkmenportal logo
09.08.21
62596259
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gresiýanyň Ewiýa adasynda ýangyn emele geldi

Gresiýada ululygy boýunça ikinji orunda durýan Ewiýa adasyndaky ýangynlar möwç alýar. Birnäçe günüň içinde ýangyn ýüzlerçe gektar ýeri gurşap aldy, onlarça şäherçäni ýakdy, iki müňden gowrak adam başga ýere göçürildi.


40 dereje yssy howa adanyň üstünden ýangynyň çalt ösmegine hem kömek edýär. Dürli ýurtlardan 500-den gowrak adam ýangyna garşy göreş alyp barýar.


«Euronews»-yň habaryna görä, premýer-ministr Kyriakos Mitsotakis gurakçylyk bilen baglanyşykly ýangyn howpy barada duýduryş berdi we resmiler bu ýagdaýda adamlary halas etmegiň ileri tutulýan ugurdygyny aýdýarlar.