Turkmenportal logo
31.07.21
17311731
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkiýede tokaý ýangynlary möwç alýar

Türkiýäniň Antalýa ülkesiniň etraplarynyň 27-siniň ilaty tokaý ýangynlary sebäpli göçürildi, bu barada ýurduň Içeri işler ministrligi habar berýär.


Tokaý ýangynlary sebitiň 42 etrabyny gurşap aldy, häzirki wagtda çenli ýangyn söndürijilere onuň ojaklarynyň 71-sinden 57-sini söndürmek başartdy.


28-nji iýulda, çarşenbe güni Antalýa ülkesiniň Manawgat kurort şäheriniň golaýynda başlanan ýangynyň çalt ýaýramagyna howanyň çakdanaşa gyzmagy sebäp boldy. Çalt tutaşan ýangynlar sebitdäki otellere-de ýetdi, şunlukda ol ýerlerdäki jahankeşdeleri tizden-tiz howpsuzy ýerlere göçürmeli boldy.