Turkmenportal logo
29.07.21
99019901
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kataryň ilçisi Türkmenistandaky diplomatik wezipesini tamamlady

Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýewiň özüniň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Katar Döwletiniň Tütkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mubarak bin Abdurrahman Al-Nasr bilen duşuşygy geçirildi.


Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn gatanşyklarynyň has hem ösdürilmegine ygrarlydyklaryny nygtadylar.


Diplomatlar döwletara gatnaşyklarynyň has-da ilerledilmegi maksady bilen ýokary derejelerdäki saparlary guramagyň derwaýyslygyny belläp geçdiler. Hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi ugrunda bilelikdäki işleriň sazlaşykly alnyp barylmagynyň zerurlygy nygtaldy.


Katar Döwletiniň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Türkmenistana saparyny guramagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň oňyn tejribesiniň dowam edilmeginiň aýratyn ähmiýetini bellediler.


Söhbetdeşligiň barşynda söwda-ykdysady ulgamyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine gyzyklanma bildirildi. Şu nukdaýnazardan, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-katar hökümetara toparynyň ähmiýetini nygtamak arkaly, onuň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi üçin iki ýurduň pudagara derejesinde işjeň taýýarlyklaryň geçirilendigi hem bellenildi.


Diplomatlar ýurtlaryň ikisiniň hem medeni we ynsanperwer gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ygrarlydyklaryny tassykladylar.


Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy Ilçi Mubarak bin Abdurrahman Al-Nasra türkmen-katar gatnaşyklarynyň ösüşine goşan goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi we geljekki işinde üstünlikleri arzuw etdi.