Turkmenportal logo
20.07.21
1022810228
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatdaky “Altınyıldız Classics” dükanynda 40%-e çenli arzanladyş

“Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde ýerleşýän “Altınyıldız Classics” erkekler üçin egin-eşikler dükany paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny Gurban baýramy mynasybetli 40% arzanladyş bilen egin-eşik satyn almaga çagyrýar.


Mundan başga-da, dükana penjekleriň we jalbarlaryň täze görnüşleri we reňkleri gelip gowuşdy.


“Altynıldız Classics” nyşanynyň önümleri öndürilende gaty inçe ýüň, kaşemir, moher, elastan ýa-da bu materiallaryň utgaşygy ulanylýar. Uly üns bilen saýlanan gymmat bahaly esbaplar (furnitura), içlikleriň dürli dizaýny, el işine meňzedilip tikilen tikinler bu haryt nyşanyň önümlerini has-da ajaýyplaşdyrýar. Esasanam erkekleriň klassiki (Classic) we saplaşýan (slim fit) kostýumlary uly meşhurlyga eýe.


Habarlaşmak üçin telefon: +993 63077755.