Turkmenportal logo
19.07.21
1608716087
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatdaky «Ramsey» dükany baýramçylyk mynasybetli arzanlaşyklar barada habar berýär

Gurban baýramy mynasybetli paýtagtymyzdaky «Ramsey» dükany tomus möwsüminiň egin-eşiklerine 25%-e çenli arzanladyş yglan etmek bilen müşderilerini begendirer.


Şeýle-de, dükana sport we nusgawy görnüşli egin-eşikleriň täze toplumy gelip gowuşdy.


Rahat sport egin-eşiklerini söýüjiler üçin bu ýerde köýnekçeleriň, sport kostýumlarynyň hem-de aýakgaplarynyň täze biçüwli döwrebap görnüşleri hödürlenilýär.


Nusgawy görnüşli penjekler, köýnekler we jalbarlar döwrebap egin-eşikleri söýüjileriň möwsüm çalşygy üçin niýetlenilen iň islegli harytlaryna öwrüler.



Ramsey ― Londonda döredilip, häzirki wagtda bütin dünýäde meşhurlyk gazanan erkek egin-eşikleriniň haryt-nyşany. Ramsey haryt-nyşanynyň egin-eşikleri taýýarlanylanda modalar dünýäsiniň döwrebap täzelikleri hem-de müşderileriň islegleri göz öňünde tutulýar. Häzirki wagtda bu haryt-nyşanynyň dünýä boýunça 200-den gowrak dükanlary ýerleşýär.


Aşgabatda Ramsey dükany «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň 1-nji gatynda ýerleşýär.