Turkmenportal logo
28.06.21
54545454
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Çehiýanyň we Belgiýanyň futbol ýygyndylary Ýewro ― 2020-niň çärýek finalyna çykdylar
Çehiýanyň we Belgiýanyň futbol ýygyndylary Ýewro ― 2020-niň çärýek finalyna çykdylar

Çehiýanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Ýewropa çempionatynda garaşylmadyk ýagdaýda Niderlandlar Patyşalygynyň ýygyndysyny ýeňip, ýaryşyň çärýek finalyna çykdy. 1/8 finalyň beýleki bir duşuşygynda bolsa Portugaliýanyň ýygyndysy Belgiýanyň ýygyndysyndan asgyn geldi.


Çehiýa ― Niderlandlar duşuşygy 2:0 hasabynda tamamlandy. Budapeşt şäherindäki «Ferens Puşkaş» stadionynda geçirilen duşuşykda Çehiýanyň pökgülerini Patrik Şik bilen Tomaş Goleş geçirdi. Indi çeh futbolçylary 3-nji iýulda Baku şäherinde Daniýanyň ýygyndysy bilen duşuşar.


Belgiýa Portugaliýany Torgan Azaryň geçiren ýeke-täk pökgüsi bilen ýeňdi. Şeýlelikde, milli ýygyndy ýaryşda geçiren dört duşuşygynyň ähisinde hem ýeňiş gazanyp, ýoly üstünlikli dowam etdirýär. Ýöne Belgiýanyň ýygyndysyna 2-nji iýulda has çylşyrymly duşuşyk garaşýar. Şol gün ýygyndy Mýunhen şäherinde Italiýanyň ýygyndysy bilen duşuşar.


1/8 final duşuşyklary şu gün, 28-nji iýunda Horwatiýa ― Ispaniýa we Fransiýa ― Şweýsariýa duşuşyklary bilen dowam eder.