Turkmenportal logo
18.06.21
64596459
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TFF-niň kubogy ― 2021: «Merw» ýeňiş bilen başlady

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Aşgabat täze möwsümiň öňüsyrasyndaky ýaryş ― Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogy ugrundaky gyzykly duşuşyklar dowam edýär. 1-nji tapgyryň «B» toparçasyndaky duşuşykda Marynyň «Merwi» paýtagtyň «Köpetdagyny» 1:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini Begenç Alamow geçirdi.


Ertir «Aşgabat» köpugurly sport toplumynda «A» toparçanyň duşuşyklary geçiriler. Olarda «Energetik» bilen «Aşgabat», «Altyn asyryň» ýaş futbolçylary «Şagadam» bilen duşuşar.


Ýaryşyň ýeňijisi 27-nji iýunda belli bolar. Duşuşyklaryň doly tertipnamasy Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda ýerleşdirildi.


TFF-niň kubogy ― 2021. 1-nji tapgyr. «B» toparça.


«Köpetdag» ― «Merw» ― 0:1.


Gol: Begenç Alamow, 60.