Turkmenportal logo
12.06.21
90199019
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seredildi.


Has takygy, mejlisde:


― ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işleri;


― milli parlamentiň ýokarky palatasynyň birinji mejlisiniň netijeleri hem-de geçirilýän wagyz işleri;


― tomusky dynç alyş möwsüminiň guralyşy boýunça görülýän çäreler;


― bilim özgertmelerini amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işler;


― Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän sport ýaryşlaryny guramak boýunça alnyp barylýan işler;


― ähli ugurlarda telekeçiligiň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak, hususy ulgamyň milli ykdysadyýetdäki paýyny artdyrmak hem-de kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin şertleri döretmek babatda görülýän çäreler;


― çig nebitiň we tebigy gazyň gaýtadan işlenilýän mukdaryny artdyrmak, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleri öndürmek we daşary ýurtlara ibermek boýunça görülýän çäreler;


― türkmen gazynyň dünýä bazarlaryna iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmaga hem-de gaz pudagynyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga — Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisini gurmaga we dünýädäki iň iri “Galkynyş” gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmäge gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmek üçin “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan çekilen daşary ýurt karz serişdelerini gaýtarmak meseleleri;


― ýurdumyzda suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suw serişdelerini netijeli peýdalanmak we goşmaça suw gorlaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işler;


― sementiň täze görnüşleriniň önümçiligini ýola goýmak hem-de olaryň öndürilýän mukdaryny artdyrmak boýunça geçirilýän işler;


― raýat awiasiýa ulgamynda alnyp barylýan işler;


― Medeniýet hepdeligine taýýarlyk görlüşi;


― «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň haly kärhanalarynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler;


― Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri;


― DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler;


― şu ýylyň 9 — 11-nji iýunynda hökümet wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyrylan gulluk iş saparynyň netijeleri;


― harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň sanly ulgama geçmek meseleleri boýunça kararlarynda kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere seredildi.