Turkmenportal logo
26.05.21
1771617716
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň we Özbegistanyň futbol ýygyndylarynyň arasynda ýoldaşlyk duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Özbegistanyň ýygyndysy bilen resmi däl ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Daşkent şäherinde geçirilen duşuşyk özbek ýygyndysynyň 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.


Resmi däl hem bolsa, bu duşuşyk türkmen futbolçylary üçin möhüm ähmiýete eýedir. Çünki milli ýygyndymyz ýene-de sanlyja günlerden Dünýä çempionatynyň yklymlaýyn saýlama ýaryşyna gatnaşar.


Türkmenistanyň ýygyndysynyň bu ýaryşa gatnaşmak üçin Koreýa Respiblikasynyň Koýan şäherine-de Özbegistandan ugramagyna garaşylýar. Türkmen futbolçylarynyň 5-nji iýunda Koreýa Respublikasynyň, 9-njy iýunda Liwanyň ýygyndylary bilen duşuşjakdygyny ýatladýarys.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň futbol ýygyndylarynyň arasynda ýoldaşlyk duşuşygy geçirildi | Turkmenportal.com