Turkmenportal logo
10.05.21
65046504
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Samsung» -yň çeýe smartfonlaryna awgust aýynda garaşylýar

Tehnologiýa ägirdininiň «Galaxy S21 FE», «Galaxy Z Fold 3», «Samsung Z» we «Galaxy Z Flip 3» smartfonlarynyň çykmagyna awgust aýynda garaşylýar.


«3dnews.ru»-nyň habaryna görä, şol bir wagtyň özünde, «Galaxy Z Fold 3» we «Galaxy Z Flip 3» görnüşleri çeýe displeý bilen üpjün ediler. Şeýlelikde, «Galaxy Z Fold 3» kiçi ekranly kamera bilen enjamlaşdyrylan dünýäde ilkinji çeýe displeýli smartfon bolar diýlip garaşylýar. Şeýle hem, bu görnüş S Pen stilusyndan goldaw alar we üç sany esasy kamera bilen üpjün ediler.


«Galaxy Z Flip 3» görnüşiniň ulaldylan daşarky ekranynyň, 12 megapiksel datçigi bolan goşa kamerasynyň bolmagyna garaşylýar.


Käbir çeşmelere görä, «Full HD +» hil derejesine eýe «Galaxy S21 FE» smartfony 6,4 dýuýmlyk ekran, öň kamerasy üçin kiçijik deşik we korpusyň arka tarapynda üç kamera bilen üpjün ediler.


Mundan başga-da, görnüşde barmak yzlaryny okaýan skaner bolar.