Turkmenportal logo
09.05.21
1546115461
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen wekiliýeti Hytaýda iş saparynda bolar

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda alnyp barylýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de “Merkezi Aziýa – Hytaý” döwletleriniň daşary işler ministrleriniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin, ýurduň wekiliýetiniň agzalary 2021-nji ýylyň 9 – 12-nji maýy aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde gulluk iş saparynda bolar.