Turkmenportal logo
06.05.21
49884988
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Google Suratlar»-a çäklendirme giriziler
«Google Suratlar»-a çäklendirme giriziler

«Ixbt.com» tarapyndan berilýän habara görä, Google 2021-nji ýylyň 1-nji iýunyndan başlap, «Google Suratlarda» ýokary hilli suratlary saklamak üçin çäklendirilmedik we mugt hödürlenilýän boş ýerlere çäklendirme girizer.


Kompaniýa bu barada 2020-nji ýylyň noýabr aýynda habar beripdi. 1-nji iýundan başlap, «Google» hasabyňyzdaky ammarda saklaýan suratlaryňyz üçin töleg geçirmeli bolar. Has takygy, töleg 15 gigabaýtdan artyk ulanylan ýer üçin talap ediler.


Bu çäklendirme 1-nji iýundan öň ýüklenen suratlara we wideogörnüşlere degişli däldir. Ýöne bu çäklendirmeden «Google Pixel» smartfonlarynyň eýeleri halas bolar.