Turkmenportal logo
19.04.21
66736673
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanly ýetginjek welosipedçiler Müsürde geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşar

Şu ýyl Welotrek boýunça Aşgabatda geçiriljek dünýä çempionatyndan ozal ýurdumyzyň ýetginjek welosportularyna hem möhüm halkara synagy garaşýar. Has takygy, olar şu ýylyň sentýabr aýynda Müsür Arap Respublikasynda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşar.


«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazetiniň berýän habaryna görä, dünýä çempionatynyň ýaryşlary 1-5-nji sentýabr aralygynda Kairiň daşyndan geçýän aýlaw ýolunda guralar. Onda ýetginjek welosipedçiler medallaryň 20 toplumy üçin göreşer.