Turkmenportal logo
17.04.21
1070810708
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň awtoulaglar boýunça agentligi elektron rugsatnamalary berip başlar

«Türkmenawtoulaglary» agentligi tarapyndan «Daşaýjylaryň awtoulagda halkara gatnawlara goýberilmegi hakynda» Düzgünnamanyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Onda ýurdumyzyň daşaýjylarynyň awtoulagda halkara gatnawlara goýberilmegine bildirilýän talaplar we şertler kesgitlenildi, halkara gatnawlarda ýolagçylar gatnadylanda, olaryň hökmany döwlet ätiýaçlandyrylmasy bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirmek göz öňünde tutuldy.


Degişli ýüztutmalaryň esasynda, «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Türkmenulaggözegçilik» döwlet kärhanasy tarapyndan olara elektron rugsatnamany bermek hem-de maglumatlary jemlemek üçin merkezleşdirilen maglumatlar binýadyny döretmek we onuň üsti bilen gözegçilik etmek meýilleşdirilýär.


Bular barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde habar berildi.