Turkmenportal logo
05.04.21
77937793
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanly suwda ýüzüjiler Olimpiýa oýunlarynyň saýlama ýaryşyna gatnaşar

12 ― 17-nji aprel aralygynda Daşkentde (Özbegistan) suwda ýüzmek boýunça Olimpiýa oýunlarynyň halkara saýlama ýaryşy geçiriler. Oňa türkmenistanly türgenler hem gatnaşar.


Ýaryşyň Daşkent şäherindäki «Sahowat» suw sport toplumynda geçirilmegine garaşylýar.


Bu ýaryşda «Olimpiýaçy» diýen hormatly at üçin göreşjek ildeşlerimiziň ady belli boldy. Ýaryşda ýurdumyza Dmitriý Nowikowyň şägirtleri ― 25 ýaşly Merdan Ataýew, 18 ýaşly Musa Jalaýew hem-de onuň ýaşytdaşy Darýa Semýonowa dagylar gatnaşar.


Darýa Semýonowanyň heniz 14 ýaşyndaka, 2016-njy ýylda Braziliýada geçirilen Olimpiýa oýunlarynda hem ýurdumyza wekilçilik edendigini ýatladýarys.