Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Röwşen Muhadow iýun aýynda Koreýa Respublikasynyň, Liwanyň we KHDR-nyň garşysyna geçiriljek resmi duşuşyklar üçin ýygyndy toparymyzyň giňeldilen düzümini kesgitledi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär. Milli ýygynda 37 futbolçy çagyryldy.
Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bu ýygnanyşygyň 3 ― 4-nji aprel günlerinde «Aşgabat» köpugurly sport toplumynda boljakdygyny habar berdi.
Yzda galan 5 tapgyrdan soňra Türkmenistanyň futbol ýygyndysy 9 utuk bilen «H» toparçanyň başyny çekýär. Ildeşlerimiz iýun aýynda Koreýa Respublikasynda merkezleşdirilen görnüşde geçiriljek nobatdaky duşuşyklaryny 3-nji iýunda ýer eýeleri, 11-nji iýunda Liwan we 15-nji iýunda KHDR bilen geçirer.
Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy:
| Familiýasy, ady | Topary | Doglan senesi: |
| Annagulyýew Güýçmyrat | «Altyn Asyr» | 10.06.1996 ý. |
| Annadurdyýew Altymyrat | «Altyn Asyr» | 13.04.1993 ý. |
| Ataýew Ahmet | «Altyn Asyr» | 19.09.1990 ý. |
| Babajanow Zafar | «Altyn Asyr» | 09.02.1987 ý. |
| Batyrow Gurbangeldi | «Altyn Asyr» | 28.07.1988 ý. |
| Berdiýew Döwletýar | «Altyn Asyr» | 05.05.1998 ý. |
| Saparow Mekan | «Altyn Asyr» | 22.04.1994 ý. |
| Titow Mihail | «Altyn Asyr» | 18.10.1997 ý. |
| Ylýasow Wezirgeldi | «Altyn Asyr» | 18.01.1992 ý. |
| Rejebow Berdimyrat | «Altyn Asyr» | 19.06.1995 ý. |
| Jallatow Döwletmuhammet | «Altyn Asyr» | 17.02.1990 ý. |
| Annaýew Myrat | «Altyn Asyr» | 06.05.1993 ý. |
| Akmämmedow Begenç | «Altyn Asyr» | 01.06.1998 ý. |
| Baýow Begmyrat | «Altyn Asyr» | 05.07.1998 ý. |
| Halmämmedow Röwşengeldi | «Altyn Asyr» | 07.10.1997 ý. |
| Ballakow Welmyrat | «Altyn Asyr» | 04.04.1999 ý. |
| Aşyrow Gurbanguly | «Ahal» | 20.02.1993 ý. |
| Bäşimow Abdy | «Ahal» | 12.12.1995 ý. |
| Beknazarow Mirza | «Ahal» | 15.05.2000 ý. |
| Diniýew Meýlis | «Ahal» | 11.07.2000 ý. |
| Gurbani Amir | «Ahal» | 24.10.1987 ý. |
| Geldiýew Ata | «Ahal» | 27.01.1990 ý. |
| Hojaýew Resul | «Ahal» | 07.01.1997 ý. |
| Tagaýew Elman | «Ahal» | 02.06.1989 ý. |
| Tamurkin Ilýa | «Ahal» | 09.05.1989 ý. |
| Hojowow Hoşgeldi | «Ahal» | 28.02.1996 ý. |
| Çaryýew Rasul | «Ahal» | 30.09.1999 ý. |
| Annaýew Gurban | «Ahal» | 10.05.1995 ý. |
| Sapargulyýew Arzuwguly | «Ahal» | 28.07.2001 ý. |
| Magtymow Yhlas | «Şagadam» | 20.04.1992 ý. |
| Ýakşiýew Murat | «Şagadam» | 12.01.1992 ý. |
| Saparmämmedow Yhlas | «Köpetdag» | 25.02.1997 ý. |
| Seýitmuhammedow Döwletmyrat | «Köpetdag» | 03.12.1996 ý. |
| Gurbanow Merdan | «Nebitçi» | 30.08.1991 ý. |
| Babaýew Batyr | «Nebitçi» | 21.08.1991 ý. |
| Towakelow Nazar | «Aşgabat» | 11.10.1997 ý. |
| Garaýew Gurbanmyrat | «Aşgabat» | 27.06.1992 ý. |
