Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda «Tik Tok» programmasy uly kynçylyklara sezewar boldy. Bu barada «Downdetector» gözegçilik portaly habar berdi.
Habarda ulanyjylaryň 38 göteriminiň wideo görmeklikde kynçylyk çekendigi, 8 göteriminiň «Tik Tok» programmasyna girip bilmeýändigi, 7 göteriminiň bolsa sosial ulgamda ýerleşip bilmeýändigi bellendi. Programmanyň tehniki näsazlygynyň sebäbi entek kesgitlenilmedi.
Hytaýyň «Tik Tok» sosial ulgamy 2018-nji ýylda işe girizildi. Bu programma gysgajyk wideolary ýükläp almaga mümkinçilik berýär. «Tik Tok» programmasy üç ýylyň içinde 500 milliondan gowrak tomaşaçyny özüne çekmegi başardy.