Turkmenportal logo
14.03.21
78647864
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ruslan Mingazow «Kaspidäki» ilkinji resmi duşuşygyny geçirdi

Türkmenistanly futbolçy Ruslan Mingazow Gazagystanyň çempionatynyň 1-nji tapgyrynda «Aktobe» bilen geçirilen duşuşykda «Kaspiniň» düzümindäki ilkinji resmi duşuşygyny geçirdi. Duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.


52-nji minutda fransiýaly ýarym goragçy Uaji Sali «Kaspini» hasapda öňe çykaran hem bolsa, topar bu üstünligi 61-nji minuda çenli gorap bildi. Şol minutda «Aktobeniň» hüjümçisi Maksim Fedin hasaby deňledi.


29 ýaşly Ruslan Mingazow «Kaspiniň» esasy düzüminde meýdana çykdy.