Turkmenportal logo
11.03.21
1432614326
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň Dünýä çempionatynyň saýlama duşuşyklaryndaky garşydaşy Ýaponiýa bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň Dünýä çempionaty ― 2022-niň ikinji saýlama tapgyryndaky topardaşy bolan Koreýa Respublikasynyň ýygyndysy mart aýynda Ýaponiýanyň ýygyndysy bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.


Duşuşyk 25-nji martda Ýokohoma şäherindäki (Ýaponiýa) «Nissan» stadionynda meýilleşdirilýär. Şu wagta çenli iki milli ýygyndy biri-biri bilen 79 gezek duşuşdy. Yzda galan oýunlarda Koreýa Respublikasynyň 42, Ýaponiýanyň 14 ýeňşi bar. 23 duşuşyk bolsa deňme-deňlik bilen tamamlandy.


Şeýlelikde koreýaly futbolçylar koronowirus pandemiýasy bilen bagly çäklendirmeler güýçlendirilensoň, 2020-nji ýylyň dekabr aýyndan bäri Ýaponiýa barjak ilkinji milli ýygyndy bolar.


Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň futbol ýygyndylary Dünýä çempionatynyň yklymlaýyn saýlama ýaryşynyň «H» toparçasyna wekilçilik edýär. Bu toparçada KHDR-nyň, Liwanyň we Şri-Lankanyň ýygyndylary hem bar.