Turkmenportal logo
04.03.2021
98089808
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Awstraliýa poçtasy» Türkmenistana poçta ugratmak hyzmatyny ýola goýdy

«Australia Post» poçta aragatnaşyk kompaniýasy resmi saýtynda şu aýdan başlap, Awstraliýadan Türkmenistana poçtalary eltip bermek hyzmatyny ýola goýandygyny habar berdi.


Häzirki wagtda Awstraliýadan biziň ýurdumyza diňe hat görnüşindäki resminamalary iberip bolýar. Hatlar 9-dan 25 gün aralygynda bellenen salga barar.


«Türkmenpoçtanyň» bolsa halkara poçta gatnawlaryny şu ýylyň ýanwar aýynda dikeldendigini ýatladýarys.