Şu gün wideoaragatnaşyk arkaly Mejlisiň wekilleri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament assambleýasynyň mejlisine gatnaşdylar. Her ýyl geçirilýän bu çäre ilkinji gezek wideomaslahat görnüşinde guralyp, oňa 57 ýurtdan parlamentarileriň 270-e golaýy gatnaşdy ― diýip, TDH habar berýär.
Mejlise gatnaşyjylar halkara gün tertibiniň meseleleriniň giň ugurlary, hususan-da, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, dawalaryň öňüni almak hem-de olary kadalaşdyrmak, COVID-19 pandemiýasynyň ykdysady we ekologiýa netijelerini aradan aýyrmak hem-de gender deňligini üpjün etmek, zenanlaryň ykdysady hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Duşuşygyň çäklerinde wekiller ÝHHG-niň Parlament assambleýasynyň Baş sekretary Roberto Montellanyň çykyşyny ara alyp maslahatlaşdylar. Çykyşda guramanyň geçen ýylda alyp baran işiniň jemleri jemlenildi hem-de ýakyn geljek üçin meýilnamalar bellenildi.