Turkmenportal logo
02.02.21
53695369
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan AÝUYDT we ÝUNITAR tarapyndan guralan wirtual okuwlara gatnaşdy
Türkmenistan AÝUYDT we ÝUNITAR tarapyndan guralan wirtual okuwlara gatnaşdy

Ýakynda wirtual görnüşde Demirgazyk we Merkezi Aziýa (DMA) ýurtlary üçin COVID-19 soňra durnukly dikeldiş we 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş çygryndaky Gün tertibini ýerine ýetirmek üçin Maliýeleşdirmegiň toplumlaýyn milli gurluşy (MTMG) boýunça sebitleýin giriş okuwy geçirildi. Bu barada TSTB-niň resmi saýty habar berýär.


Aziýa we Ýuwaş ummany üçin ykdysady we durmuş topary (AÝUYDT) hem-de BMG-niň Okuw we ylmy-barlag instituty (ÝUNITAR) okuwyň gurnaýjylarydyr.


Çärä DMA ýurtlarynyň wekilleriniň we dürli ugurlar boýunça BMG agentlikleriniň işgärleriniň 120-den gowragy gatnaşdylar. Okuwyň dowamynda DMA ýurtlary (Türkmenistan, Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Azerbaýjan, Gruziýa, Ermenistan, Täjigistan) 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş çygryndaky gün tertibini ýerine ýetirmek boýunça işleriň bilelikdäki meýilnamasyny maslahatlaşdylar. Hususan-da, olar interaktiw görnüşde DÖM-i durmuşa geçirmegiň milli nusgalarynyň, olaryň maliýeleşdirilmesiniň tejribeleri, meýilnamalary we taslamalary bilen paýlaşdylar.


Okuw maslahaty 7 bölümçeden ybarat bolup, olar DÖM-i durmuşa geçirmek çygryndaky derwaýys meseleleriň giň gerimini öz içine aldy, ýagny: DÖM bilen baglanyşykly harajatlaryň hasaplanylmasy; DÖMI meýilleşdirmek we býujetleşdirmek (döwlet tarapyndan maliýeleşdirmek); Durnukly maliýeleşdirmäniň gurallary hökmünde maýa bazarlary we hususy maliýeleşdirme; MTMG-ni ornaşdyrmak boýunça çemeleşmeleriň we ileri tutmalaryň ýurtlar bilen ara alyp maslahatlaşylmasy.