Turkmenportal logo
31.01.2021
4731847318
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň tele we radio ýaýlymlaryna tehniki arakesme yglan edildi

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti 2021-nji ýylyň 1-nji fewraldan – şu gün ýarygije sagat 00:00-dan gündiz sagat 12:00-a çenli tehniki arakesme yglan etdi. Bu barada türkmen teleýaýlymlary habar berýär.


Görkezilen aralykda teleradoýaýlymda käbir tehniki abatlaýyş işleriniň geçiriljekdigi sebäpli, olar 12 sagadyň dowamynda işlemez. Gündiz sagat 12-den başlap, milli teleradioýaýlymlaryň ählisi öz gepleşiklerini bellenen meýilnama boýunça dowam eder.