Turkmenportal logo
11.01.21
1610116101
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Koronawirusyň bedende ýaýramagyna goşant goşýan ferment kesgitlenildi

«RIA Nowosti»-niň «Merkur» portalyna salgylanyp berýän habaryna görä,  Eberhard hem Karl uniwersitetleriniň alymlary koronawirusyň adam bedeninde ýaýramagynyň dinamikasyna täsir edýän ferment tapdy.


Alymlar kompýuter simulýasiýa usulyny ulanyp, «SARS-CoV-2» wirusynyň öýjükleriň içindäki implantasiýa kömek edýän käbir maddalary öndürmegine sebäp bolýandygyny anykladylar. Bu amalda guanilatkinaz 1 (GK1) fermenti möhüm rol oýnaýar, sebäbi ol aýrylandan soň «SARS-CoV-2»-iň köpeliş işjeňligi bes edilýär.


Alymlar bu açyşyň «COVID-19» üçin dermanlary ösdürmekde we gowulaşdyrmakda möhüm tapgyr boljakdygyna ynanýarlar.