Turkmenportal logo
07.01.2021
30163016
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Krymda 90 ýyllyk temperatura rekordy bozuldy

Düýn Russiýa Federasiýasynyň Krym sebitinde howanyň temperaturasynyň 17 derejeden ýokary bolup, täze rekord goýandygy habar berildi.


Krymyň gidrometeorologiýa merkeziniň beren beýanynda: “5-nji ýanwarda täze rekord goýuldy. Howanyň temperaturasy 17,6 dereje ýetdi. Öňki ýazgy 1931-nji ýylda 14,4 dereje bilen hasaba alyndy.” – diýlip bellenildi. Krymda bu gyşyň yssydygy we 31-nji dekabrda temperatura rekordynyň bolandygy mälim edildi.


Täze ýylyň ilkinji günleri Krymda yssy we gurak howa gündizine 10-15 dereje bolup, gijelerine 5-7 dereje peselýär. Şeýle-de bolsa, geljek hepdäniň ahyrynda ýagdaýyň üýtgemegine garaşylýar. Demirgazykdan gelýän sowuk howanyň ýarym ada täsir etmegine we howanyň temperaturasynyň 5-7 dereje peselmegine garaşylýar.