Turkmenportal logo
26.12.20
59955995
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň onlaýn mejlisine gatnaşdy

Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň (MAFA) 5-nji gurultaýy wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi.


Täjigistanyň Futbol Federasiýasynyň resmi web sahypasynda berilýän habara görä, oňa assosiasiýanyň ähli agzalarynyň wekilleri gatnaşdy. 


Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň Baş sekretary Ulugbek Karimow MAFA-nyň öňki gurultaýdan bäri alyp barýan işleri barada hasabat berdi. 


Onlaýn mejlisde MAFA-nyň täze Düzgünnamasy we indiki ýyl üçin býujet tassyklandy.


Şu ýyl MAFA-nyň howandarlygynda ýekeje-de ýaryş geçirilmedi. Şeýle-de bolsa, mejlise gatnaşyjylar indiki ýyl epidemiologiki ýagdaýyň gowulaşmagy we ýurtlaryň arasyndaky howa gatnawynyň täzeden başlamagy bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky halkara ýaryşlaryň dowam etdiriljekdigine umyt bildirdiler.