Turkmenportal logo
18.12.20
17461746
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
FIFA, «The Best ― 2020»: 17 ýaşly futbolça «Feýr pleý» baýragy berildi

FIFA 2020-nji ýylyň netijeleri boýunça «Feýr pleý» baýragyny 17 ýaşly futbolça berdi.


Has takygy, bu baýraga «Ospedaletti Kalço» futbol toparynyň wekili Mattia Agnese mynasyp boldy.


Italiýaly ýaş futbolçy «Union Sportiwo Kaýrese» bilen geçirilen duşuşykda garşydaş toparyň bir futbolçysynyň essiniň aýylanyny görüp, oňa ýardam bermek üçin ilkinji bolup ylgady we ilkinji ýardamy berdi. Bu hereketi onuň diňe bir duşuşygyň däl, dünýä jemgyýetçiliginiň gahrymanyna öwrülmegine getirdi.


Heniz 17 ýaşynda Italiýanyň şan-şöhrat zalynda hem ýer alan Agnese düýn FIFA tarapyndan hem ýörite sylaga mynasyp görüldi.