Turkmenportal logo
04.12.20
99619961
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti halkara hyzmatdaşlygy baradaky resminamalaryň toplumyna gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň 4-nji dekabrda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesine gol çekdi.


Türkmenistanyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:


Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy;


Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy;


Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy;


Zorlukly ekstremizmiň öňüni almak we terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça 2020 — 2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Strategiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy;


Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýa tassyklanyldy.


Degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna ýokarda görkezilen resminamalarda göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.