Turkmenportal logo
03.12.20
3592835928
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda çagalar üçin niýetlenen Täze ýyl baýramçylyk çäreleri ýatyryldy
Türkmenistanda çagalar üçin niýetlenen Täze ýyl baýramçylyk çäreleri ýatyryldy

Şu ýyl, Türkmenistanyň paýtagtynda dünýäde ýüze çykan ýaramaz epidemiologiýa ýagdaýy sebäpli ýurduň Baş arçasynda Täze ýyl mynasybetli çagalar üçin niýetlenen baýramçylyk çäreleri ýatyryldy. Bu barada Orient.tm internet saýty habar berýär.


Habar saýtynda berilýän maglumata görä, täze ýylyň esasy nyşanlarynyň biri bolan täze ýyl arçalary "Älem" medeni dynç alyş merkeziniň şeýle-de Söwda-senagat edarasynyň öňünde gurnalar, ýöne ýokanç keselleriň öňüni almak şeýle-de çagalaryň we ulularyň saglygyny goramak üçin baýramçylyk çärelerini geçirmezlik kararyna gelindi.


Däp bolşy ýaly, her ýyl çagalaryň gyşky dynç alyş möwsüminde, Aýazbaba we Garpamygyň gatnaşmagynda ýurduň Baş arçasynda çagalar üçin ýörite baýramçylyk çäreleriniň geçirilýändigini bellemek gerek.