Turkmenportal logo
01.12.20
1787917879
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda duýgulary dolandyrmak boýunça okuw sapagy geçiriler

Duýgulary dolandyrmagy hakykatdanam gaty az adam bilýär. Şeýle adamlar öz duýgularyna düşünmäge we olara garşy durmaga şeýle-de beýleki adamlaryň duýgularyna-da düşünmäge gaty ökde bolýar.


Bu okuw aşakdakylar üçin:


  • duýgularyň ony dolandyrýandygyna we munuň tersine däldigine düşünýänler;
  • duýgularyň sazlaşykly gatnaşyklaryny we üstünlikli iş tejribesini gurmaga mümkinçilik bermeýändigine düşünýänler;
  • duýgulary beýan etmekde kynçylyk çekýänler;
  • beýleki adamlara düşünmegi öwrenmek isleýänler;
  • köplenç stresden ejir çekýän we hemişe üstünlikli baş götermeýänler;
  • özüne we adamlara bolan oňyn garaýyşlary öwrenmek isleýänler;
  • täze şertlere aňsat we çalt uýgunlaşmaga synanyşýanlar;
  • durmuşdan hakyky lezzet almak isleýänler.

Okuw arkaly şulary başaryp bilersiňiz:


  • Emosional akyl derejäňizi kesgitlemek;
  • Özüňiziň we başgalaryň duýgularyny tanamagy we habardar bolmagy öwrenmek;
  • Höwesi artdyrmak üçin aýratyn ýollary tapmak;
  • Oňyn, konstruktiw şahsy aragatnaşyk gurmak we goldamak;
  • Stresi netijeli ýeňmegi öwrenmek;
  • Dawa-jenjelleri kesgitläp we ýeňip geçmek;
  • Öz potensialyňyzy açmak üçin, işde, şahsy durmuşda netijesizligiň mümkin bolan sebäplerini ýüze çykarmak we durmuşa geçirmek;
  • Özüňizi, duýgularyňyzy, ýagdaýlaryňyzy, içerki gepleşikleriňizi dolandyrmagy öwrenmek.

Esasy çykyş etjek, işewürlik we şahsy ösüş boýunça okuwlary we webinarlary geçirmek boýunça diplomly hünärmen Lora Iskandarýan bolar.


Okuwyň geçiriljek senesi:  5-nji dekabr, 14: 00-dan 16:00-a çenli.


Okuwlara gatnaşmak tölegli.


Aşakdaky belgiler bilen habarlaşyp okuw üçin ýazylyp bilersiňiz:


+993 12 46-81-65
+993 61 34-93-58