Turkmenportal logo
11.11.20
1959819598
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Daşoguz welaýatynda ýaşaýan uzak ýaşly enäni Pensiýa gaznasynyň şahamçasynyň işgärleri ýaş toýy bilen gutladylar

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Bugdaýly geňeşliginiň ýaşaýjysy Gülbäbek Paltaýewa şu güýzde 105 ýaş toýuny belledi. Türkmenistanyň pensiýa gaznasynyň müdurliginiň Daşoguz welaýatynyň  Saparmyrat Türkmenbaşy etrap bölüminiň işgärleri ony bu möhüm ýaş toýy bilen gutladylar.


Uzak ýaşly ene bütin ömrüni daýhançylyk birleşiginde işledi.


Ýoldaşy Sapar Paltaýew bilen bilelikde iki ogul we üç gyzy ulaltdylar. Gülbäbek ene  - nesili mynasyp baýlyk hasaplaýan zenan. Ol 23 agtygyň we 43 çowlugyň bagtly enesidir. Indi bolsa, ömrüniň


105-nji güýzüni ähli maşgalasyny daşyna üýşürip garşy aldy.


Türkmenbaşy etrabynyň Pensiýa gaznasynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri uzak ýaşly enä doglan güni mynasybetli ýadygärlik sowgatlary gowşurdylar we enä mundan beýläk-de saglyk we uzak ömür arzuw etdiler.


 


Şeýle hem :


120 ýaşly türkmen zenany Ajapsoltan Hajyýewa dünýäniň iň uzak ýaşly ýaşaýjysy