Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

120 ýaşly türkmen zenany Ajapsoltan Hajyýewa dünýäniň iň uzak ýaşly ýaşaýjysy

12:5321.10.2020
1
190206

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň ýaşaýjysy Ajapsoltan Hajyýewa şu ýyl 120 ýaşady. 1900-njy ýylda doglan türkmen zenanynyň dünýäniň iň uzak ýaşly ýaşaýjysydygy hakynda bellenilýär. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Gazetdäki «120-ni arkalan...» atly makalada A.Hajyýewa barada şeýle maglumatlar bar: Ajapsoltan Hajyýewa 1900-nji ýylda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň Babasary geňeşliginde dogulýar. Ol ir mahallar daýhançylyk edipdir, dokma darak kakypdyr, öý işleri bilen meşgullanyp, mal-garalara seredipdir. Oba hojalyk işlerine gatnaşyp, obadaşlarynyň arasynda uly hormatdan peýdalanypdyr. Ýanýoldaşy Hajy aga ir gelen dert zerarly aradan çykypdyr. Uruş ýyllarynyň agyr günlerini gerdeninde çeken ene ýeke dikrary Atany hor-homsy durmuşda ýaşatmazlyk, ilbiri edip ýetişdirmek üçin hem eje, hem kaka ornunda durup zähmet çekipdir. Ata Hajyýew il içinde uly hormatdan peýdalanýan ogul bolup ýetişýär. Ata aga häzir 86 ýaşynyň içindebolsa-da, örän ýeňil gopýar. Ýanýoldaşy Täzegül eje bilen bagtly durmuşyň hözirini görüp, sag-gurgunlykda ýaşaýarlar. «Türkmenportal» bu barada ozal hem habar beripdi.

Ajapsoltan ene 120 ýaşyndadygyna garamazdan, häzirem aýak üstünde. Ol melleginde ekin-dikin ýetişdirýän agtyk-çowluklaryna armaçy bolýar, maslahat berýär. Onuň ogly Ata agadyr gelni Täzegül ejeden ösüp-örňän 12 agtygy, 67 çowlugy, 32 ýuwlugy bar. Ajapsoltan enäniň agtyk gelni, Mary etrabynyň 3-nji orta mekdebiniň mugallymy Jahansoltan Hajyýewanyň gürrüň bermegine görä, ol zähmet çekmegi, halal işlemegi, il-güne hemaýat edip ýaşamagy öz durmuşynyň manysy hasaplapdyr. «Ajapsoltan enemiz bize hemişe halal ýaşamalydygyny, sagdyn durmuş, tut ýaly jan saglyk isleýän bolsaň, zähmet çekmekden, köp hereketde bolmakdan gaçmaly däldigini ündeýär. Ol gök-önümleri iýmäni gowy görýär. Ondan gaýta-gaýta uzak ýaşamagyň sebäbini soraýalar. Hemişe-de şol bir jogabyny berýär: «Köp hereketde gezmeli, iýip-içýänleriňe gözegçilik etmeli, iň esasy-da döwrüňem, döwletiňem asuda bolmaly». Ol şu ýyl «1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medaly bilenem sylaglandy. Aslynda, uzak ýaşamak Ajapsoltan enemiziň nesil-neberesine Taňrydan berilen peşgeş bolmaly. Onuň iki erkek dogany 100 ýaşa, aýal dogany bolsa 90 ýaşa golaý ýaşapdylar» diýip, Jahansoltan mugallym gürrüň berýär.

Şeýle-de makalada dünýäniň iň uzak ýaşly ýaşaýjylary hakynda maglumatlar getirilýär. Şol maglumatlara görä, Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynyň «Dünýäniň iň uzak ýaşly ýaşaýjylary» ugry boýunça 2020-nji ýylda ýaponiýaly Kane Tanaka dünýäniň iň uly ýaşly adamy diýlip yglan edildi. Häzir ol 117 ýaşynda. Tanaka özüniň 120 ýaşajakdygyny ynam bilen gürrüň berýär. Bu ýapon zenany geçen ýyl hem 116 ýaşynda dünýäniň iň uly ýaşly ýaşaýjysy diýlip hasaba alnypdy.  Ol bu ýyl hem şol sanawda ýene-de öz adyny saklap galmagy başardy.  Mun­dan ozal­ky dün­ýä­niň iň gar­ry ýaşaýjy­sy de­re­je­si baş­ga bir ýa­po­ni­ýa­ly Ti­ýo Mi­ýa­ko de­giş­lidi. Ol 2018-nji  ýylyň iýul aýynda 117 ýa­şyn­da ara­dan çyk­dy.

Häzirki wagtda Ýaponiýa dünýä boýunça iň uzak ýaşly adamlaryň ýaşaýan ýurdy hökmünde tanalýar.  Bu ýurtda 100 ýaşdan geçen ýaşaýjylaryň köp sanlysy resmi taýdan hasaba alnypdyr. Dünýäniň uzak ýaşly ýaşaýjylary, şeýle-de dünýäniň iň uzak ýaşly zenanlary barada «Wikipediýa» erkin internet ensiklopediýasynyň soňky maglumatlary hem häzirki wagtda dünýäde ýaşap ýören ýaşaýjylaryň iň uzak ýaşlylarynyň ýaponiýalydygyny, olaryň öňbaşçysynyň bolsa 117 ýaşly Kane Tanakadygyny tassyklaýar.  Emma şeýle maglumatlar  häzirki wagtda 120 ýaşly ene Ajapsoltan Hajyýewanyň dünýäniň iň uzak ýaşly ýaşaýjysydygy hakdaky pikiri öňe sürmäge esas berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Kerem ( 13.01.2021 )

ömrüñ uzak görjegiñ gowulyk bolsun enemjan

38