Turkmenportal logo
10.11.20
45584558
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÝL ― 2020, 24-nji tapgyr: «Ahal» «Merwi» myhmançylykda ýeke-täk pökgi bilen ýeňdi

«Ahal» Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 24-nji tapgyryndaky duşuşykda «Merwi» 1:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk Mary şäherindäki Sport toplumynda geçirildi.


Çekeleşikli duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 79-njy minutda Gurban Annaýew geçirdi.


Duşuşygyň dartgynly pursatlara baý bolandygyny hem bellemek gerek. Baş emin Saparmämmet Gurbanow 45-nji minutda myhman toparyň baş tälimçisi Seýit Seýidowa gyzyl kart görkezdi. Goşmaça wagtyň 5-nji minudynda bolsa «Ahalyň» ýarym goragçysy Süleýman Orazow oýundan çykaryldy.


Mary şäherindäki ýeňişden soňra utugyny 49-a çykaran «Ahal» ikinji orundaky ýerini saklap galdy. 23 utukly «Merw» bolsa ýaryş tertibiniň altynjy basgançagynda.


Ertir 24-nji tapgyryň ýene iki duşuşygy geçiriler. Aşgabatda «Altyn asyr» «Şagadamy», Balkanabatda bolsa «Nebitçi» «Köpetdagy» kabul eder.