Turkmenportal logo
07.10.20
2208422084
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan ýene bir ýörite uçuş bilen Russiýadaky raýatlaryny getirdi

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň ýörite uçary Moskwanyň «Domodedowo» howa menzilinden Türkmenistana ýörite uçuşyny amala aşyrdy. Bu uçuş arkaly koronawirus pandemiýasy netijesinde howa gatnawlarynyň ýatyrylmagy zerarly Russiýada galan türkmen raýatlarymyz Watanymyza getirildi.


BSGG-niň maslahatlaryna laýyklykda, çarter uçuşy arkaly Türkmenabadyň halkara howa menziline gelen raýatlar hökmany iki hepdelik karantin geçerler.
Türkmenistan daşary ýurtda galan raýatlaryny dolap getirmek işini dowam edýär. Mundan öň, Türkiýeden, Russiýadan, Belarusdan we Hindistandan çarter uçuşlary amala aşyryldy. Ýerüsti ýollar arkaly Özbegistandan Watanymyza 120 sany raýat geldi.


Ýakynda wagtda Ukrainadan, Azerbaýjandan, Gazagystandan we Ýewropa Bileleşigi ýurtlaryndan watandaşlarymyzy getirmek boýunça işler amala aşyrylar.