Russiýanyň “Rostow” klubunyň özbegistanly hüjümçisi Eldor Şomurodow Italiýanyň çempionaty “Serie A”-nyň “Jenoa” klubuna transfer boldy. Bu barada “Rostow” toparynyň “twitter” sahypasynda habar berilýär. 25 ýaşly oýunçy genueliler bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşdylar. Italýan kluby Şomurodowyň transfer üçin rus toparyna goşmaçalar bilen jemi 9 million ýewro berer.

