Turkmenportal logo
07.09.20
78697869
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Gruziýa üstaşyr ýük daşamagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň wideomaslahat görnüşinde duşuşygy boldy — diýip, TDH habar berýär.


Gepleşikleriň barşynda ministrler ikitaraplaýyn gün tertibiniň birnäçe möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejesini nygtadylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Gruziýa halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.


Taraplar daşary syýasat edaralarynyň arasynda pudagara geňeşmeleriň dowam etdirilmeginiň zerurdygyny nygtadylar. Ministrler bilelikdäki ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösdürilmegi boýunça hyzmatdaşlyk meselelerine garadylar.


“Hazar deňzi — Gara deňzi” halkara ulag geçelgesi taslamasyny işjeňleşdirmek hem-de onuň kadalaşdyryjy-hukuk binýady bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi. Şeýle hem sebitara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmek nukdaýnazaryndan “Lapis Lazuli” taslamasynyň ähmiýeti nygtaldy. Awtomobil ýollarynyň hem-de deňiz portlarynyň netijeli ulanylmagy arkaly bökdençsiz ýük daşalmagyny üpjün etmegiň möhümdigi bellenildi.


Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-gruzin hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmeginiň zerurdygy barada aýdyldy. Şeýle hem wideomaslahatyň çäklerinde medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.