Turkmenportal logo
02.09.20
72377237
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda sportuň olimpiýa görnüşleri fakulteti açyldy

1-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň täze binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.


Döwlet Baştutany buýerde onuň tehnologik üpjünçiligi bilen tanyşdy — diýip, TDH-nyň habarynda aýdylýar.


Häzirki wagtda bu ýerde talyplaryň 508-si okaýar we türgenleşýär. Bu ýerde ylym bilen baglanyşykly maglumat tehnologiýalaryny giňden ulanmak arkaly olimpiýaçy türgenleri taýýarlamagyň köpugurly ulgamy üçin ajaýyp şertler döredildi. Toplumlaýyn taýýarlyk görmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, okuw otaglary döwrebap kompýuterler bilen üpjün edildi.


Fakultetiň ylmy binýady okuw-türgenleşik işiniň ýokary lukmançylyk-biologik we psihologik tehnologiýalaryny, türgenleriň ýagdaýyny barlamagyň döwrebap usullaryny ulanmaga mümkinçilik berer.


Bu ýerde sport lukmançylygy kafedrasy, ýokary dag şertli kardio-türgenleşik otagy, atçylyk sporty bilen meşgullanýan türgenler üçin türgenleşik zaly, myşsalary ölçemek hem-de seljermek üçin barlaghanalar we beýlekiler ýerleşýär.