Turkmenportal logo
28.08.20
3089030890
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda otlularyň hereketiniň çäklendirmesi 1-nji oktýabra çenli uzaldyldy

«Türkmendemirýollary» agentligi Türkmenistanyň çäginde otlularyň gatnawlarynyň çäklendirmesini 1-nji oktýabra çenli uzaltdy.


«Hormatly ýolagçylar! Oktýabr aýynyň 1-ne çenli otly gatnawlarynyň duruzylandygyny habar berýäris.» diýip, bu barada agentligiň resmi saýtynda aýdylýar.


Ýurduň çägindäki otly gatnawlary boýunça bu çäklendirme 16-njy iýundan bäri uzaltmalar bilen dowam edip gelýär.


Ýüze çykan sowallar boýunça +99312383273 / 75 / 76 / 79 belgili telefonlar bilen jaňlaşyp bilersiňiz.